BILIM

Ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ygtyýarlyklaryna geçiriler

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň 6-njy bendinden soň, 7-nji bendi döredip, oňa ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly adamlar bolup ýetişmeklerini, ösen tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny, milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmeklerini gazanmak, ýaşlara halkara ölçeglere laýyk gelýän goldaw bermegiň döwlet guralyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty babatdaky ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ygtyýarlyklaryna geçirmek meselesini öwrenmek babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine teklipleri hödürlemek maksadalaýyk bolar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Related posts

«Açyk gapylar»: Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlarynyň Russiýada bilim almak mümkinçiligi

Okuw töleginde puluň ornuny tutan önüm

Ata Watan Eserleri