BILIM

Türkmenistanyň raýatlarynyň Russiýada bilim almak mümkinçiligi

Russiýanyň hökümeti Türkmenistanyň raýatlary üçin öňümizdäki okuw ýyly üçin orta hünär we ýokary bilim edaralaryna 250 sany býujetli orun mümkinçiligi berýär. Bu görkeziji geçen ýyldaky derejede saklanyp galyndy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji kätibi, “Rossotrudniçestwa” edarasynyň wekili Ýuliýa Zaýsewa “TASS” habar gullugyna habar berdi.

– Türkmenistana Russiýa Federasiýasynyň orta hünär, ýokary bilim we  ýokary bilim edaralarynda goşmaça hünär bilimi üçin okuw maksatnamalaryna 250 orun bölünip berildi. Bilimiň lukmançylyk we döredijilik ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Üstümizdäki ýylda bu ugurlara täzesi goşuldy,  Ol hem Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň ugry boýunça göz öňünde tutulýar – diýip, Ýuliýa Zaýsewa belledi.

Türkmen talyplarynyň bu orunlar boýunça bilim almagy Russiýa Federasiýasynyň býujetiniň hasabyna amala aşyrylýar.

Ýüz tutmak üçin education-in-russia.com salgysyndan peýdalanmak bolar. Hasaba durmak işleri 2023-nji ýylyň 20-nji fewralyna çenli dowam eder. 

Related posts

Türkmenistanda mekdep bazarlary açyldy

Talyp-2025: Türkmenistanyň Döwlet  energetika instituty

Ata Watan Eserleri

Türkmen Döwlet Neşirýat Gullugynyň neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi: Talyp: 2021

vepa

Leave a Comment