DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň ilkinji zenan Premýer-ministri saýlandy

Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Sanae Takaiti ýurduň ilkinji zenan Premýer-ministri wezipesine saýlandy. Ýaponiýanyň parlamentiniň her iki palatasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ses berişlik geçirildi.

Sanae Takaiti Ýaponiýanyň 104-nji Premýer-ministri boldy. 64 ýaşyndaky Sanae Takaiti ýurduň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýolbaşçylygynda işledi. 2006-njy ýylda Abeniň ýolbaşçylygyndaky hökümetde Sanae Takaiti ministr wezipesine bellendi.

Sanae Takaiti Ýaponiýanyň “demir aýaly” bolmaklyga uly gyzyklanma bildirýär. Ol Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Margaret Tetçeriň syýasy ugruna gyzyklanýar.

Onuň esasy şygarlary “Ýaponiýany güýçli etmek”, “Ýaponiýany belent derejelere çykarmak” ýaly ýörelgelere esaslanýar.

Related posts

Aliýew we Ärdogan howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

GDA-nyň oba hojalyk bilermenleri Aşgabatda geler

Türkmen-owgan serhedinde galla terminaly gurlar