DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Lýuksemburgda ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Lýuksemburgda “Sebitara baglanyşyk gün tertibini ösdürmek” boýunça ýokary derejeli ministrler ýygnagy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň halkara gatnaşyklary we howpsuzlyk syýastay boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas, Ýewropa komissarlary Ýozef Sikela we Marta Kos, ÝB bileleşigine agza 27 döwletiň, Merkezi Aziýanyň 5 döwletiniň, şeýle hem Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Türkiýäniň, Moldowanyň we Ukrainanyň wekilleri gatnaşdy.

Lýuksemburgdaky ministrler duşuşygynda ikitaraplaýyn we köptaralaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

ABŞ-nyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary

Ata Watan Eserleri

Dinozawrlaryň galyndylary tapyldy

Er-Riýadda rus-amerikan gepleşikleri geçirildi