DÜNÝÄ

Wladimir Putin Türkmenistana täze ilçi belledi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana täze ilçi belledi. Russiýanyň Türkmenistandaky häzirki ilçisi Aleksandr Blohin wezipesinden boşadyldy. Ilçi wezipesine Iwan Wolynkin bellendi.

Bu baradaky degişli kararlar Russiýanyň resmi hukuk maglumatlary internet portalynda çap edildi.

– Wolynkin Iwan Kirillowiçi Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli – diýlip, resmi kararda bellenilip geçilýär.

Russiýanyň ilçisi Aleksandr Blohin 2011-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistana ilçi wezipesine bellenilipdi. Ol 1992-nji ýyldan bäri Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň düzüminde işläp gelýär.

Related posts

Londonda Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabara geçirildi

Ärdogan 13 ýyldan soňra Yrakda saparda bolýar

Soňky 5 ýylda 3-nji rekord

Leave a Comment