BIZNES

Ulag ulgamynda bilelikdäki işçi toparlary döredildi

Türkmenistan ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär. Şonuň netijesinde, Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan, türkmen-özbek, türkmen-gazak bilelikdäki işçi toparlary döredildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilip geçildi.

Hasabat berlişina görä, welaýat merkezlerinde täze awtomenzilleriň açylandygy barada habar berildi. Şeýle-de elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalarynyň, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň, Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara binasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüsiniň gurluşyklary dowam etdirilýär.

Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan, türkmen-özbek, türkmen-gazak bilelikdäki işçi toparlary döredildi.

Related posts

Türkmenistan Ekonomisi Sayılarda

vepa

Şu ýyl nebitli guýularyň 37-si gazyldy

Türkmen ilçisi Pakistanyň Federal Ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Leave a Comment