BIZNES

“Türkmennebit” döwlet konserniniň önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda «Türkmennebit» döwlet kärhanasytarapyndan öndürilen önümlere içerki bazarda uly isleg bildirildi.

Ýerli telekeçiler SN-180 esasy ýagynyň jemi 2000 tonnasyny satyn aldylar. Nebit önüminiň bir tonnasynyň bahasy 9,3 müň TMT, geleşigiň umumy jemi bolsa 18,6 million manada barabar boldy.

Türkmen telekeçileri her tonnasyna 15,6 müň TMTteklip edip, SN-600 esasy nebitiň 250 tonnasyny satyn aldylar. Bu önüm üçin geleşikleriň umumy jemi 3,9 million manada deň boldy.

Bir tonnasynyň bahasy 1,7 müň TMT bolan 5 müň tonna gara ýol nebit bitumyny satyn almak üçin şertnama baglaşyldy. Geleşigiň umumy jemi 8,5 million TMT barabar boldy.

Çarşenbe güni geçirilen söwdalaşyklarda jemi 31 million manada barabar bolan jemi 6 sany şertnama baglaşyldy.

Related posts

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan, Büyük İpek Yolu’nu demiryolu ile canlandırıyor

vepa

Baharlı ilçesinin ismi “Bäherden” İlçesi olarak değiştirildi

vepa

Leave a Comment