DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Hindistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä ýurduň Gujarat ştatynda köpriniň ýykylmagynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä ýurduň Gujarat ştatynda köpriniň ýykylmagynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Related posts

Bakanlar Kurulu toplandı: Avaza’da Yeni Villalar

vepa

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisine gatnaşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Leave a Comment