Türkmenistanyň we Kataryň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2020-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Iki ýurduň we halklaryň giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan ygrarlylyklary bellenildi.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny belläp geçdiler. Bar bolan köpugurly kuwwaty nazara almak bilen, uzak möhlete gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Şunda bilelikdäki Hökümetara toparyň işine aýratyn orun degişlidir. Bu topar ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de giňeltmäge, işewürlük gatnaşyklary pugtalandyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam edýär.

Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň garşysyna bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen bir hatarda, derwaýys sebit hem-de halkara meselelerine hem seredilip geçildi. Bu ugurda diplomatlar adatdan daşary ýagdaýlar wagtynda netijeli gaýragoýulmasyz utgaşdyrylan hereketleriň guramaçylygy we geçirilmegi babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Alym-lukmanlaryň geňeşiniň döredilmegi baradaky başlangyjynyň aýratyn ähmiýetini we derwaýyslygyny nygtadylar. Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň DIM-niň ýolbaşçylary çylşyrymly umumydünýä ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrylmagynyň wajyp häsiýete eýe bolýandygyny hem belläp geçdiler.

Şunlukda, daşary syýasy edaralarynyň arasynda yzygiderli ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

 

 

Related posts

Türkmen dzýudoçylary Bakuda geçirilýän dünýä çempionatynda çykyş edýärler

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylym-bilim we tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär

«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7-9-njy oktýabr aralygyndaky çäreleriň maksatnamasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmen türgenleri dokuz aýda 554 medal gazandylar

Mekdep okuwçylarymyz Koreýa Respublikasynda geçiriljek halkara robot tehnologiýalary bäsleşigine gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Berlinde “C5+1” döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammiti meýilleşdirilýär

Germaniýanyň ilçisi: 63 müň türkmen raýaty nemes dilini öwrenýär

5-nji oktýabr:Bütindünýä mugallymlar güni bellenilýär

Indiki XXI Aziýa oýunlary Dohada geçiriler

Şakiranyň Bişkekdäki konserti: 22 döwletden myhman geler

Aşgabatda Ýewropanyň Medeniýet günleri: italýan jaz aýdymçysy çykyş eder

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Dünýäniň iň gowy 1000 uniwersitetiniň sanawy täzelendi

Hadise we Murat Bozuň konsertiniň peteklerini satyn almagyň tertibi

Hadise we Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Putin geljek hepdede Türkmenistanda GDA-nyň sammitine gatnaşar

Ispaniýanyň milli ýygyndysy 41 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär

ADNOC-yň XRG kompaniýasy we Türkmenistan: Hazar sebitindäki hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri