DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Makrony saýlawlardaky ýeňşi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadna saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

“Biz Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we bu gatnaşyklaryň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýlak-de ösdüriljekdigine ynanýarys” – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz hatynda belledi.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

 

Makron täzeden prezidentlige saýlandy

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti «Ýewropa bileleşigi – Merkezi Aziýa» ýokary derejeli dialogyň duşuşygyna gatnaşdy

Tatarystanyň Prezidenti Minnihanow Aşgabada geldi

Türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär