SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan öňüni alyş çäklendirmelerini ýeňilleşdirýär

Tutuş dünýäde koronawirus bilen baglanyşykly öňüni alyş çäreler kem-kemden aradan aýrylýar. Türkmenistanda hem bu ugurda birnäçe öňüni alyş çäreleri gowşadylýar.

“orient.tm” internet neşiriniň habaryna görä, teatr we konsert möwsümleri, dükanlar we söwda merkezleri, diňe eltip bermek üçin hyzmatyny amala aşyrýan jemgyýetçilik iýmit nokatlary we ş.m. açylýar.

1-nji maýdan kinokonsert merkezleri we kinoteatrlar gündelik görkezişlerine başlaýar. Raýatlar üçin bu ýerlerde ozalky tertipde bellenilen wagtda türkmen hem-de daşary ýurt dünýä belli filmler, körpe ýaşly çagalar üçin bolsa multfilmler görkeziler.

Kinoteatra we kinokonsert merkezlerine gelýän raýatlar arassaçylyk kadalaryny berjaý edip, agyz-burun örtüklerini bellenilen talaplara görä dakynmalydyrlar.

Ýöne jemgyýetçilik ýerlerinde we ulaglarda agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni entek güýjüni saklaýar.

 

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça uçar gatnawy

Related posts

Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Türkmenistan bilen Russiýa saglyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Ata Watan Eserleri

Ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi

Ata Watan Eserleri