BIZNES

ÝB bilen Türkmenistanyň haryt dolanyşygy 1,4 milliard ýewro ýetdi

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň daşary ykdysady hyzmatdaşlarynyň arasynda ähmiýeti boýunça dördünji orunda durýar. Taraplaryň arasyndaky ýyllyk söwda dolanyşygy 1,4 milliard ýewro barabar. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Lýuk Dewin Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda (TIF-2026) eden çykyşynda aýtdy.

ÝB-niň ilçisi Lýuk Dewin Ýewropa tarapynyň esasy gyzyklanma bildirýän ugurlaryny beýan etdi. Ol ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň takmynan 1,4 milliard ýewro barabardygyny we munuň Ýewropa Bileleşigini Türkmenistanyň dördünji iri söwda hyzmatdaşyna öwürýändigini belledi.

ÝB hyzmatdaşlygyň şu ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi:

  • Transhazar ulag geçelgesi: Türkmenistanyň geografik ýerleşişini nazara almak bilen, onuň ösdürilmegine ýardam bermek.
  • Demir ýollar: demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga goldaw bermäge taýýarlyk.
  • Energetika: baý uglewodorod serişdelerine esaslanýan däp bolan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek.
  • Gaýtadan dikeldilýän energetika: Gün we ýel energiýasy babatda ýokary mümkinçiliklerden peýdalanmak.
  • «Ýaşyl» tehnologiýalar: ekologik geçiş ýörelgelerini ähli infrastruktura taslamalaryna ornaşdyrmak.

Related posts

Hytaý «Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan» demir ýoly maliýeleşdirýär

Keramiki plitalaryny, faýans önümlerini öndürýän zawody gurlar

Birža täzelikleri: singapurly telekeçiler karbamid satyn aldylar

Ata Watan Eserleri