DÜNÝÄ

Türkmenistanda Kanadanyň ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alan Hemsondan ynanç hatyny kabul etdi.

Mejlisiň işi we onuň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgerişlikleriň çäklerinde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk esaslaryny üpjün etmekde eýeleýän orny söhbetdeşligiň aýratyn mazmunyny düzdi. Şunda parlamentara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň türkmen-kanada gatnaşyklarynyň düzümini baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakyndaky özara pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady ugurda we medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.

Related posts

Emomali Rahmon Merkezi Aziýada iri nebit gaýtadan işleýän zawody gurmagy teklip etdi

Si Szinpin: hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýärin

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Şweýsariýa sapary