BIZNES

Türkmenistan we Pakistan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Zahir Uddin Babaryň ýolbaşçylygyndaky Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň (NLC) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ulag-logistika infrastrukturasy we ulag gatnawlary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň çägini özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ulag gatnawlary üçin ulanmak mümkinçliginiň uludygyny bellediler. Taraplar özara hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek üçin yzygiderli duşuşyklary geçirmek boýunça ylalaşdylar.

Related posts

Sağlık sektöründen uluslararası ihaleler

vepa

Gazagystan bilen Italiýa 180 million ýewrolyk şertnamalara gol çekdiler

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi