DÜNÝÄ

Türkmenistan Hytaýy Awazadaky foruma çagyrdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Çžun Huanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hytaýyň wekiliýetiniň wekillerini LLDC 3-iň çäginde geçiriljek Zenan ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy.

Related posts

Ginnesiň rekordlar kitabyna giren aýna köpri

Ata Watan Eserleri

Awstriýa-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

II Hazar ykdysady forumy Moskwada geçiriler