SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan dümewe garşy rus sanjymy bellige aldy

Russiýanyň “Fort” biofarmasewtika kompaniýasynyň dümewe garşy “Ultrix Quadri” sanjymy Türkmenistanda bellige alyndy. Bu barada TASS habarlar agentligi habar berýär.

“orient.tm” internet neşirinde hem bellenilip geçilişi ýaly, “Milli ummunobiologik kompaniýa” (Nacimbio) maglumatyna görä, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi  “Fort” biofarmasetiwak kompaniýays tarapyndan işlenip düzülen we öndürilýän “Ultrix Quadri” atly dümewe garşy sanjymyna bellige alyş şahadatnamasyny berdi.

“Fort” kompaniýasy “Nacimbio” holdindiniň düzümine girýär. Ol 2013-nji ýylda “Rosteh” döwlet korporasiýasy tarapyndan döredildi we Russiýanyň dümewe garşy sanjym öndürýän iri öndüirjisidir. Her ýyl 30 million dozadan köpräk derman serişdelerini öndürýär.

Mundan ozal, “Ultrix Quadri” atly dümewe garşy sanjymy Belarus we Gazagystan hem hasaba alypdy, Bu derman serişdesi 5 ýurda iberilýär. Sanjymyň düzümi her ýyl BSGG-niň maslahatlary hem-de epidemiologik ýagdaýa laýyklykda üýtgedilýär.

 

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Related posts

Täze serhetara syýahatçylyk ugry Türkmenistany, Özbegistany we Gazagystany birleşdirer

Türkiýä Biznes wizasyny almak üçin haýsy resminamalar gerek?

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda hyzmat we iýmit kärhanalarynyň işi çäklendirilýär

Ata Watan Eserleri