BIZNES

Türkmenistan bilen Owganystan demirýol arkaly ýük daşamalary artdyrar

Owganystanyň Demirýol müdirliginiň Hyrat şäheri boýunça bölüminiň wekiliýeti bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirilip, onda iki ýurduň arasynda Serhetabat-Turgundy demirýol ugry boýunça ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak babatda ylalaşdylar. Bu barada owgan tarapynyň “Twitter” jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

– Owgan we türkmen tarapy Türkmenistanyň demirýol ulgamy arkaly üstaşyr ýük daşamalary artdyrmak babatda ylalaşdy. Bu babatda Turgundy portunyň mümkinçiliklerini gowulaşdyrmak meýilleşdirilýär – diýlip, bellenilýär.

Häzirki wagtda Owganystanyň import edýän harytlarynyň agramly bölegi Özbegistanyň üsti bilen gelýär. Bu ugurdaky işleri has-da ösdürmek meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Serhetabat-Turgundy demirýoly 2019-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan döwrebaplaşdyrylyp, onuň geçirijilik mümkinçiligi artdyrylypdy.

Serhetabat-Turgundy demirýoly Owganystana öz harytlaryny daşary ýurt bazaryna çykarmaga hem-de özüne degişli harytlary import etmäge giň mümkinçilik döredýär.

Related posts

Ýedi aýda Türkmenistanda içerki önümiň ösüşi 5,7 göterime barabar boldy

Türkmenistan’da ekonomik büyüme oranı global büyümeden 2 kat fazla oldu

vepa

Ýeňiji bolan Magtymguly etrabynda çagalar dynç-alyş merkezi gurlar

Leave a Comment