BIZNES

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda göni howa gatnawlary ýola goýlar

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Aşgabada amala aşyran resmi saparynyň wekiliýetiniň düzümindäki ulag ministri Marat Karabaýew Türkmenistan bilen ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdiklerini belledi. Bu barada Gazagystanyň resmi habarlar gullugy habar berýär.

Resmi saparyň çäklerinde ulag ulgamynda 4 resminama – 2 ähtnama we 2 hökümetara ylalaşygyna gol çekildi. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda göni howa gatnawlary ýola goýlar.

– Şeýle hem gol çekilen resminamalarda Transowgan geçelgesini bilelikde ösdürmek göz öňünde tutulýar. Bu geçelge Gazagystandan başlap, Türkmenistan, soňra Owganystanyň üsti bilen Pakistana, Pars aýlagyna we Hindi ummanyna çenli uzalyp gider – diýip, ulag ministri Marat Karabaýew belledi.

Mundan başga-da, iki ýurduň arasynda ulag we logistika ulgamynda strategik hyzmatdaşlyk ösdüriler.

Related posts

Türkmenistan OTIF guramasynyň Baş assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşdy

Türkmenistan Ýaponiýadan awtoulag we tehnika satyn alar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Londonda maýa goýum forumyny gurnar