BIZNES

Türkmenistan bilen Russiýanyň söwda dolanyşygy 1,6 milliarddan geçýär

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi I.K.Wolynkin Azerbaýjanyň “Trend” habarlar gullugyna beren interwýusynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklara barada gürrüň berdi.

Şol söhbetdeşlikde bellenilip geçilişi ýaly, soňky bäş ýylda Russiýa her ýyl söwda dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýän Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlaryndan biri bolup durýar.

Türkmen önümleriniň Russiýa bazaryna eksporty yzygiderli artýar, dokma we azyk önümleriniň Russiýa iberilmegi iki esse diýen ýaly ýokarlandy.

Türkmenistan bilen Russiýanyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barha pugtalanýar, bu ýerde “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça gatnawyň ýygylygyny artdyrmak babatda bilelikdäki tagallalaryna aýratyn ähmiýet berilýär.

Russiýanyň “RŽD” demirýollary edarasy, ýük akymlary üçin soňky tehnologiýany ornaşdyrmak, gatnaw ugurlarynda elektron maglumat alyş-çalşyny ýola goýmak, bäsdeşlik nyrh şertlerini döretmek arkaly demir ýol arkaly üstaşyr ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak boýunça türkmen hyzmatdaşlary bilen gepleşikler geçirýär.

 

Related posts

Türkmenistan gazdan benzin öndürmek boýunça dünýä nusgalyk taslamanyň ikinji tapgyryny işe girizer

Özbegistan bilen Owganystan bilelikde tebigy gaz öndürer

«Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlary gurlar