DÜNÝÄ

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkiýe Respublikasynyň DIM-iň Merkezi Aziýa we Türk döwletleri guramasynyň işleri boýunça Baş müdirliginiň başlygy Togan Oralyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Related posts

Iňlis şazenanynyň dokuzynjy çowlugy dünýä indi

Türkiýede döwlet talyp haky bilen ýokary bilim almak

vepa

Ermenistan Başbakanı Türkmenistan’ı ziyaret etti

vepa