TEHNOLOGIÝA

“Tesla-nyň” hytaýly bäsdeşi ulagyny tanyşdyrdy

ABŞ-nyň “Tesla” kompaniýasy ýaly ulaglary öndürýän Hytaýyň “Xpeng” şereketi täze awtonom hereket edýän ulagyny tanyşdyrdy.

Özbaşdak zolak üýtgedip hem-de tizligini ýokarlandyyp, peseldip bilýän “P7” ulagy aýratynlyklary bilen köpleriň ünsüni çekýär. Bu ulagy häzirlikçe diňe Hytaýda ulanmak mümkinçiligi bar.

Hytaýyň elektrik awtoulag öndürijisi “Xpeng Motors” kompaniýasy beýleki kompaniýalaryndan öňe saýlanan täze awtonom ulgamlary hödürledi. Kompaniýa bu ulagyny şu ýylyň ilkinji çärýeginde bazara çykarmakçy.

Bu barada berlen beýanata görä, sürüji awtonom ulag dolandyryş ulgamyna geçmezden ozal, howpsuzlyk wideoşekillerini görmeli. Ulagyň adam eli bilen dolandyrylmaly wagty gelende sürüjä duýduryş iberiler we sürüji ulagyň dolandyrmak erkini öz eline alar.

Häzirki wagtda ähli awtonom dolandyrmak ulgamy Hytaýdaky müşderilere degişli bolup durýar.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Related posts

“Apple” – iň gymmat tehnologiýa kompaniýasy

Dünýäniň ilkinji goşa ekranly telewizory

Ata Watan Eserleri

Elektrikleşdirilen demir ýollary gurmak boýunça teklipler taýýarlanar