DÜNÝÄ

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşykda medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan ynsanperwer gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Tatar gyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly guramaçylyk meselelerine seredildi.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystanyna sapary

Oleg Kononenko Kosmonawtika güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Gazak uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi