DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystanyna sapary

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti şu ýylyň 21 — 23-nji maýy aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň maksady şäher gurluşygy ugrunda özara tejribe alyşmakdan ybarat boldy. Onuň maksatnamasy dürli duşuşyklary, tanyşlyk çärelerini öz içine aldy.

Duşuşyklarda Türkmenistanda dünýä döwletleri, şol sanda Saud Arabystany Patyşalygy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň degişli ministrlikleriniň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyklarda dürli ugurlarda, esasan-da, gurluşyk, binagärlik, şäher gurluşygy pudaklarynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu pudaklarda toplanan tejribeler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gepleşikleriň dowamynda şäher gurluşygy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.

Related posts

YHG-niň ýolbaşçylary Aşgabatdaky sammite çagyryldy

Türkmen-rumyn bilim hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Owganystanyň DIM-de gepleşikleri geçirdi