BILIM

Şu ýyl 15 müňden gowrak talyp okuwa alnar

Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 15 müň 326 talyby okuwa kabul etmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa geçen ýyldakydan 320 adam köpdür. Şonuň ýaly-da, şu okuw ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we guramalaryň sargytlary esasynda orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 490 talyp kabul ediler. Munuň özi geçen ýyldakydan 380 adam artyk kabul edilýändigini görkezýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Düýn ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başladylar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň röwşen geljeginde wajyp ähmiýeti bolan möhüm möwsüm badalga aldy.

 

Talyp-2022: Aşgabat we welaýatlarda resmi iş kagyzlaryň kabul edilýän ýerleri

Related posts

Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti:“Açyk Gapylar 2023”

Amerika bilim alan türkmen talyplary Aşgabatda duşuşdy