BILIM

Amerika bilim alan türkmen talyplary Aşgabatda duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Amerikada bilim alan türkmen talyplarynyň duşuşygyny gurnady. Bu duşuşyga ABŞ-da bilim alan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Klimow hem gatnaşdy. Duşuşykda edilen çykyşlarda Amerikada bilim alan türkmen talyplarynyň Türkmenistanyň dürli pudaklarynda zähmet çekip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşýandyklary bellenildi.

Bu duşuşykda Ameirkanyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan uçurumlara dürli ugurlar boýunça baýraklar gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylara türkmen we amerikan tagamlary hödürlendi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar medeni-ynsanperwer ugurlarda hem işjeň ösdürilýär. Türkmenistanly ýaşlaryň ABŞ-da bilim almagy üçin dürli maksatnamalar amala aşyrylýar.

Related posts

Hormatly talyplar we ene-atalar!

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglandy

Türkmenistan bilen Özbegistan himiýa ylmy boýunça hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment