Singapur Respublikasy bilen syýasy gatnaşyklar ösýär

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgelerine, maksatlaryna we wezipelerine esaslanýan “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” döwletimiziň halkara işiniň mazmunyny we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Konsepsiýada bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa Ýuwaş ummany sebitiniň (AÝS) ýurtlary bilen gatnaşyklara örän möhüm ähmiýet berýär. Häzirki döwürde giň geosyýasy we geoykdysady giňişliklerde bolup geçýän özgermeler şu ýüzýyllykda ykdysady, tehnologik we maliýe ösüşiniň ählumumy merkezleriniň hakyky ýagdaýlardan ugur alnyp Aziýa Ýuwaş ummany sebitine geçýändigini görkezýär. Ýagny, ýakyn döwürde dünýäniň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki merkezi Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bolar. Bu şertlerde Türkmenistanyň Aziýa Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini ulanmak biziň ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleri üçin örän möhüm bolup durýar.

Türkmenistanyň bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ýörelgelerine maksatlary we wezipeleri laýyk gelýän sebit guramalary we edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak geljegi uly bolan ugurlaryň biridir. Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary strategik häsiýete eýe boldy. Özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksat edilýän guramalaryň hatarynda Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasyny (ASEAN-y) we Aziýa-Ýuwaş Umman Ykdysady Hyzmatdaşlygy (APEC) görkezmek bolar.

Türkmenistan ulag, energetika, ýokary tehnologiýalar pudaklaryny, maliýe-bank ulgamyny Aziýa Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebitiň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üstünden Gündogar-Günbatar ugry boýunça transaziýa ulag geçelgelerini gurmagyň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň bir bitewi usullaryny emele getirmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge täze meýiller döreýär.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň 26-27-nji awgustynda Singapur Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň ähmiýeti ýokarda bellenilip geçilen maglumatlardan hem aýdyň görünýär. Döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň duşuşygynda geljegi uly bolan türkmen-singapur hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlary barada pikir alyşyldy.

Ikitaraplaýyn gol çekilen resminamalar:

  1. Diplomatik, gulluk ýa-da resmi pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny özara ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk;
  2. Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk;
  3. Hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Singapur Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Bulardan başga-da Singapurda geçirilen bilelikdäki işewürler maslahatynyň netijeleri boýunça Ylalaşyklara we Ähtnamalara gol çekildi.

Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn işewürler forumynyň geçirilmegi, eksporta niýetlenen türkmen harytlarynyň sergisiniň guralmagy türkmen-singapur söwda ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemäge amatly meýdança bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmengaz» döwlet konsernine Singapur Respublikasynyň «GP Global Equipment Pte Ltd» kompaniýasyna gazy gysyjy desganyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berilmegi iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da rowaçlanjakdygyny alamatlandyrýar.

Türkmenistan bilen diplomatiki gatnaşyklar 1996-njy ýylda ýola goýuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi şol bir wagtda Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesini ýerine ýetirýär. 2019-njy ýylyň iýun aýynda türkmen wekiliýetiniň saparda bolmagynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça geňeşmeler geçirildi.

Related posts

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdylar

Wenada Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sylaglar gowşuryldy

Türkmenistanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin halkara informatika internet olimpiadasy geçiriler

TOPH-yň ilkinji bölegi boýunça Owganystana gaz iberilişi 2027-nji ýylda başlanar

Türkmenistan we Ýewropanyň energetika jemgyýeti hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

Ata Watan Eserleri

Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

Ata Watan Eserleri

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistana 12 milliard dollardan gowrak maýa goýdy

«Dragon Oil» kompaniýasy Türkmenistanda 12 milliard dollar maýa goýdy

Gruziýanyň Premýer-ministri: Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyrys

Ata Watan Eserleri

Zenan futbol toparlarynyň ilkinji dünýä çempionaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

“Atletiko Madrid” topary gazak futbolynyň ösüşine goşant goşýar

Rustam Minnihanowdan Türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

ILKINJI

Öwezmyrat Ýerbendi halypany ýatlap…

Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar

Ata Watan Eserleri

TOPH gaz geçirijisiniň Hyrat şäherine çenli böleginiň gurluşygy 80%-e golaý tamamlandy

Gyrgyzystan Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Mongoliýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi

OGT 2026: Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Merkezi Aziýa-Gruziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Ata Watan Eserleri