JEMGYÝET

Russiýanyň energiýa hazynasy näçe ýyla ýeter?

«Gara altyny» çykarmakda we gaýtadan işlemekde gazanylan soňky, döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen Russiýadaky nebit gorlarynyň hazynasyny ýene 58 ýyllap peýdalanyp bolar. Bu barada döwletiň tebigy serişdeler we ekologiýa ministri Ýewgeniý Kiselýow «Rossiýskaýa gazeta» neşirine beren interwýusynda aýtdy.

«Adaty gazylyp alynyşda ýurduň nebitli gorlary ýene 19 ýyla ýeter. Ýöne tehnologiýanyň has ösmegi bilen bu wagty 60 ýyla çenli uzaltmaga mümkinçilik bar» diýip, ol interwýuda aýtdy.

Ministriň sözlerine görä, ýurtdaky gaz känleri hem ýene 60 ýyllap önüm berer.

Geçen ýyl «Gazprom neft» kompaniýasynyň strategiýa we innowasiýa müdirliginiň başlygy Sergeý Wakulko Russiýanyň nebit gorlarynyň ýene 30 ýyla ýetjekdigini aýdypdy.

 

Iň gadymy, iň uly, iň girdejili…

 

 

Related posts

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Diplom Ykrar etmek üçin zerur resminamalaryň sanawy

vepa

Türkmenistanyň DIM-nde BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi

vepa