Pariž şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişi guraldy

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Pariž şäherinde köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady. Bu sport we ekologiýa çäresine Ilçihananyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, Fransiýadaky türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Pariž şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen we fransuz talyplary gatnaşdy.

 

Welosiped ýörişi Eýfel diňiniň etegindäki Mars meýdanyndan başlanyp, Parižiň gözel köçelerini, meşhur taryhy ýerlerini we ajaýyp künjeklerini öz içine aldy. Çärä gatnaşyjylar Bir-Hakeim köprüsiniň, Trokadero baglarynyň, Adam muzeýiniň, ýaşyl agaçlara bürenen Prezident Wilson şaýolynyň, Alma köprüsiniň we Harby mekdebiniň çäklerinden geçip, welosiped ýörişini dowam etdirdiler. Ýoluň ugrunda Uly Pale, Kiçi Pale, Inwalidler binalar toplumy hem-de Pariž şäheriniň beýleki taryhy ýerleriniň ajaýyp görnüşleri açyldy. Bu bolsa gatnaşyjylara şäheriň baý medeni-taryhy mirasyny, sport ruhuny we ekologiýa gymmatlyklaryna bolan ygrarlylygyny doly duýmaga mümkinçilik berdi.

 

 

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi M.Çaryýew Bütindünýä welosiped gününiň 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilendigini we onuň elýeterli, ekologiýa taýdan arassa hem-de saglyk üçin peýdaly ulag serişdesi hökmünde wagyz etmäge gönükdirilendigini belledi. Şeýle hem, her ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosiped ýörişiniň geçirilýändigi, şeýle çäreleriň dünýäniň köp ýurtlarynda Türkmenistanyň daşary ýurtdaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralýandygy nygtaldy.
Şeýle hem, Ilçi şuňa meňzeş çäreleriň guralmagy dürli milletleriň wekillerini sport, dostluk, sagdyn durmuş ýörelgesi we daşky gurşawy goramak ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň öz daşynda birleşdirýändigini belledi.

Related posts

Türkmen türgenleri Hytaýda 5 dünýä rekordyny goýdy

Türkmenistanyň Prezidenti CIET 2026 halkara sergisine we maslahatyna gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentine hormatly doktorlyk derejäniň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň Aşgabat duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Awstriýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

03-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

02-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

Eýran bilen Türkmenistan üstaşyr ulag gatnawlaryny giňeltmegi maksat edinýär

Eýran bilen Türkmenistan ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdy

Eýranyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Aşgabada geldi

Türkiýede 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmak gadagan edildi

Kimi Antonelli “Formula-1” ýaryşynyň iň ýaş çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Türki Döwletleriň Guramasynyň maşgala we zenanlar Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Arkadag şäheriniň tejribesi Birleşen Milletler Guramasynda tanyşdyryldy

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylar

Türkmenistanda noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreler

Milli Liderimiz güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyklar bilen tanyşdy

Gazagystan Türkmenistana 11 müň tonna turba iberer

Kristiano Ronaldo Özbegistana gelmedi