SPORT

Pariž Olimpiadasynyň iň güýçli türgeni boldy

2015-nji ýyldan bäri ýeňilmän gelýän gruziýaly agyr atletikaçy Laşa Talahadze agyr agramda 3 gezek Olimpiýa çempiony bolan ilkinji türgen boldy. Pariž Olimpiadasynda ol üçünji gezek çempion boldy.

Şeýlelikde, Laşa Talahadze Olimpiýa oýunlarynyň iň güýçli türgeni hasaplanyp, adatça Olimpiýa oýunlarynda agyr atletikada iň agyr agramda çempion bolan türgen iň güýçli türgen hasaplanýar.

Laşa Talahadze Pariž Olimpiadasynda Bahreýn döwletiniň adyndan çykyş edýän Gor Minasýan bäsdeşlik etmek isledi, ýöne oňa hem bu başartmady.

Laşa Talahadze 255 kg agramdaky ştangany götermek başardan ilkinji türgendir. Onuň esasy bäsdeşleri ermeni türgenler boldy. Olaryň biri Ermenistana, beýlekisi bolsa Bahreýn döwletine wekilçilik etdi.

Related posts

“Arkadag” topary Hindistanyň “Goa” topary bilen duşuşar

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Germaniýanyň futbol ýygyndysyna Hans Flik tälimçilik eder