BILIM

Özbegistanda täze uniwersitet açylar

Özbegistanda “IT-Park University” atly sanly ulgam uniwersiteti dörediler. Bu baradaky karar Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kabul edildi. Karara laýyklykda, bu uniwersiteti Özbegistan Respublikasynyň Habar tehnologiýalaryny we kommunikasiýalaryny ösdürmek ministrligi, Ýokary we orta bilim ministrligi, “Dessury önümler we habar tehnologiýalary tehnologik parkynyň direksiýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem-de “Epam Systems” ÝGPJ şeklindäki daşary ýurt şereketi bilen bilelikde gurarlar.

Bu sanly uniwersitet ÝGPJ görnüşindäki habar tehnologiýalaryndan hünärmenleri taýýarlaýan ýokary bilim berýän gurama hasaplanýar we okuwlar tölegli görnüşde alnyp barlar.

Uniwersitete kabul edişlik 2022-2023-nji okuw ýylynda başlanýar we okuwyň tölegi şertnama esasynda amala aşyrylar.

 

 

Ýurdumyzyň instituty Aziýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda

Related posts

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygy

5 müňe golaý okuwçy täze mekdeplerde okuwa başlar

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplary we okuwçylary halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazandy