DÜNÝÄ

“Newsweek” habarlar agentliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda “Newsweek” halkara habarlar agentliginiň ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory Lor Kreýn bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda möhüm ugurlarda we pudaklarda halkara dialogy giňeltmegi öz içine almak bilen strategiki gyzyklanmalary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň mümkin bolan formatlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Strategiki seljeriş hasabatlaryny neşir etmek, ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen söhbetdeşlik guramak we “Newsweek” habarlar agentliginiň žurnalistleriniň Türkmenistanda geçirilýän halkara forumlara gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.

Related posts

Hytaýly milliarderden sowgat

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy