SPORT

Messi 43-nji kubogyny gazandy

Futbol dünýäsinde iň köp kubok gazanan futbolçylaryň biri bolan Argentinanyň ýyldyzy Lionel Messi 43-nji kubogyny gazandy. Ol Fransiýanyň “PSŽ” topary bilen çempion boldy. 35 ýaşyndaky futbolçy mundan ozal fransuz toparynyň düzüminde ýurduň Naýbaşy kubogyny hem gazanypdy.

Messi futbol karýerasynda 10 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. ol 4 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny, 8 gezek Ispaniýanyň Superkubogyny, 7 gezek Ispaniýanyň kubogyny, şeýle hem 3 gezek klublar dünýä çempionatynyň kubogyny we Ýewropanyň Superkubogyny gazandy.

Leo Argentinanyň ýygyndysy bilen Amerikanyň kubogyny, Olimpiadanyň ýeňijisi, Finalissima ýaryşynyň ýeňijisi we dünýä çempionatynyň kubogyny eýeledi.

Related posts

Tiago Alkantara “Bawariýada” galdy

“Barselona” Neýmary gaýtarmak üçin 3 oýunçysy bilen hoşlaşyp biler

Ata Watan Eserleri

Katar-2022: Ronaldo we Neýmar ýaşyl meýdança çykýar

Leave a Comment