SPORT

Türk futbolçysy Ispaniýanyň şa toparyna geçmekçi

Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparynyň ýarymgoragçysy Arda Güler bilen Ispaniýanyň “Real Madrid” hem-de “Barselona” toparlary gyzyklanýar. Metbugat neşirleriniň habayrna görä, 18 ýaşyndaky ýaş futbolçynyň Madrid toparyny saýlandygy aýdylýar.

Häzirki wagtda Arda Güleriň türk topary bilen şertnamasynyň möhleti 2025-nji ýylda tamamlanýar. Futbolçynyň wagtyndan öň goýberilmegi üçin kesgitlenen baha 17.5 million ýewrodyr.

Garaşylyşy ýaly, “Real” topary has köp töleg edip, futbolçynyň transferini kepillendirmek isleýär. Ispan topary 20 million ýewro teklip edýär we “Fenerbahçe” toparyna bu transferden 20 göterim girdeji gazanmak mümkinçiligi döreýär.

Related posts

Futbolyň halkara derejesi bilen bagly onlaýn maslahat

Tokio-2020: 26-njy iýulda gazanylan medallar

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň ýaş gymmatly futbolçylary

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment