BIZNES

Mask ABŞ-daky çagalara “SpaceX” kompaniýasyndan paýnama sowgat eder

Amerikaly telekeçi Ilon Mask ABŞ-daky her bir çaga kosmos we aerokosmos tehnologiýalary bilen meşgullanýan “SpaceX” kompaniýasynyň bir paýnamasyny her ýyl sowgat etmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Milliarder bu barada “X” sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

«Men Amerikadaky ähli çagalara her ýyl bir paýnama sowgat ederin» diýip, Mask belledi.

Mundan ozal telekeçi ABŞ-daky her bir çaganyň “SpaceX” kompaniýasynyň iki paýnamasyna eýe boljakdygyny habar beripdi. Olaryň biri kompaniýa tarapyndan, beýlekisi bolsa şahsy taýdan Maskyň özi tarapyndan sowgat ediler.

Soňra Mask çagalaryň ilkinji paýnamalary eýýäm 2026-njy ýylyň dekabr aýynda aljakdygyny belläpdi.

CNBC teleýaýlymynyň maglumatlaryna görä, Maskyň eýeçiliginde “SpaceX” kompaniýasynyň takmynan 4,8 milliard paýnamasy bar. Şol bir wagtyň özünde, 2025-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, ABŞ-da 18 ýaşa ýetmedik çagalaryň sany takmynan 72 milliona deň bolupdyr.

Related posts

Türkmenistan ile Rusya işbirliği anlaşmaları imzaladı

vepa

Indoneziýa bilen Hytaý 72 milliard dollara golaý strategik ylalaşyklara gol çekdi

Owganystan Türkmenistandaky ilçihanasyna söwda attaşesini belledi