DÜNÝÄ

Malawi Respublikasynyň Wise-prezidenti Türkmenistana geldi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Malawi Respublikasynyň Wise-prezidenti jenap Maýkl Bizwik Usi Aşgabat şäherine geldi.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman resmi adamlar tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy. Garşylama dabarasynda oňa türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda hormat bildirildi.

Aşgabatdaky dabaraly garşylanyşdan soň, jenap Maýkl Bizwik Usi maslahatyň geçiriljek ýeri bolan Türkmenbaşy şäherine ugrady.

Wise-prezidentiň derejesinde wekilçilik edilmegi Malawiniň bu möhüm halkara foruma uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Related posts

Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalyk ministrleriniň 1-nji duşuşygy Daşkentde geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Nursultan Nazarbaýewe hat iberdi

Ata Watan Eserleri