BIZNES

Kataryň wekili portlandsement satyn aldy, ýerli telekeçiler bolsa – polietilen

Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasyndaky söwdalaşmalarda sişenbe güni, 1-nji noýabrda polietileni we portlandsementi satyn almak boýunça jemi bahasy 5,3 million manada we 360 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan dört geleşik baglaşyldy.

Ýerli telekeçiler jemi bahasy 5,3 million manat bolan «Türkmenhimiýa» döwlet konserininiň kärhanasynda öndürilen Т60-475-119 kysymly ýokary dykyzlykly polietileniň 296 tonnasyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Katarly işewür jemi bahasy 360 müň amerikan dollaryna barabar bolan PS 400-G20-K kysymly portlandsementiň 10 müň tonnasyny satyn aldy. Geleşik Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen baglaşyldy.

Related posts

500 MW Türkmen Elektrik Enerjisi Afganistan’a ihraç edilecek

vepa

Türkmenistan’da petrolle kirlenmiş kıyılar temizlenecek

vepa

Serdar nebit önümleri kärhanasy: ulaglara döwrebap hyzmat

Leave a Comment