SPORT

Ibrahimowiç Şwesiýa dolanmakçy

Italiýanyň “Milan” toparynyñ hüjümçisi Zlatan Ibrahimowiç şu möwsümiñ ahyrynda Italiýa klubyndan aýrylyp biler. “Korriere della Sera” neşiriniň habar bermegine görä, 38 ýaşly Ibrahimowiç “Milan” bilen şertnamasyny uzaltmakçy däl we Şwesiýa gaýdyp geler. Mundan soñ, oýunçy öz karýerasyny özi tarapyndan eýeçilik edýän “Hammarbi” toparynda dowam etdirip biler – diýip habar berilýär.

Ibrahimowiçiñ “Milan” bilen häzirki şertnamasy 2019/2020 möwsüminiñ ahyryna çenli düzüldi. Italiýanyñ Seriýa A çempionatynda şu möwsümde Ibrahimowiç 10 oýuna çykyp, 1 gezek ýardam pasyny we 4 gezek gol geçirmegi başardy.

Related posts

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 11 ýyldan soňky kubogy

Ronaldoly “Al-Nasr” bilen duşuşjak «Arkadag» topary düzümini güýçlendirýär

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy