SPORT

Hepdäniň oýunçysy yglan edildi

UEFA metbugat gullugy Ýewropa ligasynyň hepdäniň oýunçysyny yglan etdi.

Ýeňiji “Sewilýanyň” goragçysy Serhiýo Regilon boldy. Ýewropa ligasynyň 1/8 final duşuşygynda futbolçy “Roma” garşy ilkinji pökgini tora girizdi. Baýrak almak üçin hödürlenen dalaşgärler: “Rui Patrisiu” (Wulwerhampton), “Ýonas Wind” (Kopengagen) we “Junior Moraes” (Şahtýor) boldy.

“Sewilýa” indiki tapgyrda “Wulwerhampton” topary bilen duşuşar. Duşuşyk 11-nji awgustda Germaniýada geçiriler we bir oýundan ybarat bolar.

Related posts

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

«Barselona» Messi barada karara geldi…

Şu gün “Altyn pökgi” baýragynyň ýeňijisi belli bolar