DÜNÝÄ

Günorta Koreýa Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrligi Eýrandan we Ysraýyldan koreý raýatlarynyň çykarylmagyna kömek edendigi üçin Türkmenistanyň, Iordaniýanyň we Müsürüň hökümetlerine çyn ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Seul şäherindäki Hökümet toplumynda geçirilen metbugat ýygnagynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekili şeýle diýdi:
“Biz Eýranda ýaşaýan Koreýa raýatlarynyň üçünji ýurtlara howpsuz geçmegini üpjün etmekde beren goldawy üçin Türkmenistanyň Hökümetine ýürekden minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle hem, Ysraýyldan raýatlarymyzyň howpsuz we çalt çykmagyna ýardam edenleri üçin Iordaniýanyň we Müsürüň hökümetlerine sagbolsun aýdýarys.”

Şeýle hem resmi wekil:“Bu ýurtlar tarapyndan görkezilen agzybirlik ruhuna çuňňur minnetdarlyk bildirýäris we geljekde dostlugymyzy hem-de hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de berkitmäge umyt edýäris” diýip belledi.

Related posts

Türkmenistan “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini açmaga goldaw bermegi maksat edinýär

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Emmanuel Makron: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmäge taýýar