SPORT

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Fransiýanyň ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final duşuşygynda Paragwaýyň toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Oýun Filadelfiýada (ABŞ, Pensilwaniýa ştaty) geçdi.

Ýeke-täk goly 70-nji minutda penaltiden Kilian Mbappe girizdi. Şeýlelikde, Mbappe gollarynyň sany boýunça Lionel Messi bilen deňleşdir. Iki hüjümçiniň hem bu çempionatda häzirki wagtda 7 goly bar.

Çärjek finalda Fransiýanyň ýygyndysy Marokkonyň topary bilen oýnar. Bu duşuşyk 9-njy iýulda geçiriler.

Fransiýanyň ýygyndysy yzly-yzyna dördünji gezek dünýä çempionatynyň çärjek finalyna çykdy. Iň soňky gezek olar muny 2010-njy ýylda, ýagny topardan çykyp bilmedik wagtlary başaryp bilmändiler.

Paragwaýyň ýygyndysy bolsa 2010-njy ýyldan bäri (çärjek finala çykan wagtyndan bäri) ilkinji gezek DÇ-nyň pley-off tapgyrynda oýnady. Şol netije paragwaý ýygyndysynyň dünýä çempionatlaryna gatnaşmagynyň taryhynda iň gowy görkeziji hasaplanýar.

Related posts

11 ýyldan soňra finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Katar-2022: şu günüň duşuşyklary

“Time” žurnaly: Messi ýylyň türgeni

Ata Watan Eserleri