SPORT

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Marokkonyň ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final duşuşygynda Kanadanyň ýygyndysyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy. Oýun Hýustonda geçdi. Şeýlelikde, Marokko ilkinji bolup, dünýä çempionatynda çärýek finala çykdy.

Gollary Azzedin Unai (50-nji we 82-nji minutlarda) we Sufýan Rahimi (90+8) girizdi.

Marokkonyň ýygyndysy çärjek finalda Fransiýanyň ýygyndysy bilen oýnar. Marokkolylaryň gatnaşmagyndaky pley-off tapgyrynyň indiki oýny 9-njy iýulda geçiriler.

Kanadanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynyň taryhynda özüniň iň gowy netijesini görkezdi. Marokkonyň topary bolsa geçen çempionatda 4-nji orny eýeläpdi.

Related posts

Çempionlar ligasy: “Inter”, “Bawariýa”, “Barselona” we “Liewrpul” ýeňiş gazandy

Gleýzer maşgalasy “Mançester Ýunaýted” toparyny satmakçy

Kuraş boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň üstünligi bilen tamamlandy