DÜNÝÄ

Eýranda prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry geçiriler

Eýran Yslam Respublikasynda prezident saýlawlary geçirildi. Onuň deslapky netijelerine görä, dalaşgärler Masud Pezeşkian we Said Jalili saýlawlaryň 2-nji tapgyrynda bäsleşer. Saýlawlaryň ikinji tapgyry 5-nji iýulda geçiriler.

24,7 million býulletenleriň sanawyna görä, Pezeşkian 10,4 million ses aldy. Jaliliniň sesleriniň sany bolsa, 9,4 milliona deň boldy.

Said Jalili mundan ozal, 2013-nji ýylda hem dalaşgär bolupdy. 2021-nji ýylda gaýtadan dalaşgär bolup, soňra meýletin çekilip, golaýda aradan çykan Prezident Seýed Ebrahim Raisini goldapdy.

Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlary Prezident Ebrahim Raisiniň dikuçar heläkçiliginde aradan çykandygy üçin geçirilýär. 

 

Related posts

Merkezi Aziýa döwletleri bilelikde teleýaýlym dörederler

“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda mekdep we çagalar baglary gurlar

Türkmenistanyň parlament wekiliýetiniň Saud Arabystanyna sapary