BIZNES

Dünýäniň iň baý maşgalalary

Dünýäniň iň baý maşgalalarynyň sanawy taýýarlandy. Bu sanawda bassyr 4-nji ýyldan bäri öňdeligi Uolton maşgalasy eýeläp gelýär. Olar dünýäniň iň iri lomaý söwda toruna eýe bolan “Walmart” söwda merkezleriniň eýesidir. Olaryň baýlygy 224,5 milliard dollara barabardyr.

“Bloomberg” neşiriniň habar bermegine görä,  ýöne soňky ýylyň dowamynda inflýasiýanyň artmagy bilen Uolton maşgalasy 13,7 milliard dollar ýitgi çekdi.

Sanawda ikinji orny “Mars” kompaniýasynyň eýesi bolan maşgala eýeleýär. Olar “M&Ms”, “Milky Way”, “Mars we “Snickers” ýaly şokolad brendleri hem-de haýwanlar üçin dürli iýmleri öndürýän kärhanadyr. Olaryň baýlygy 160 milliard dollara deňdir. Soňky bir ýylda “Mars” maşgalasy 18 milliard dollara gazandy.

Üçünji orny Koh maşagalasy eýeledi. Amerikanyň “Koch Industrues” nebithimiýa korporasiýasynyň eýeleriniň baýlygy 124,4 milliard dollara deňdir. Bir ýylyň dowamynda olaryň býujeti 4,4 milliard dollar artdy.

Şeýle hem sanawdaky ilkinji onlukda Al Saud maşgalasy, “Hermes” we “Ambani” moda öýleriniň eýeleri, Hindistanyň “Reliance Industries” atly nebit öndürýän we gaýtadan işleýän holdingiň eýeleri bar.

Related posts

Gün energiýasy babatynda Türkmenistanyň mümkinçilikleri uly

Ata Watan Eserleri

Türkmen Hava Yollarının Kazan’a Uçuş Grafiği

vepa

“Täç Hil” : Hiliň nusgalyk täze derejesi

vepa

Leave a Comment