JEMGYÝET

Aziýa Kubogynyň finaly: Katar-Iordaniýa

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan 18-nji gezek geçirilýän Aziýanyň Kubogy ýaryşynyň finalynda çykyş etjek ýygyndylar belli boldy.

Düýn geçirilen ýarym final duşuşygynda ýer eýeleri Katar Eýranyň ýygyndysyny 3:2 hasabynda ýeňdi. Eýranyň ýygyndysy 3-nji minutda Serdar Azmunyň owadan goly bilen 1:0 hasabynda öňe çykan hem bolsa, Kataryň ýygyndysy 17-nji minutda Jassem Gaber we 43-nji minutda Akram Afif bilen öňe saýlandy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda 51-nji minutda Alireza Jahanbaş 11 metrlik jerime urgusy bilen hasaby deňledi. 82-nji minutda Almouz Ali ýygyndysynyň 3-nji goluny geçirip, Katary finala çykardy.

Katar bilen Iordaniýanyň arasyndaky final duşuşygy 10-njy fewralda “Lusail” stadionynda geçiriler.

Related posts

Bakanlar Kurulu: EXPO 2020 Fuarı’na hazırlık

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentini Gurultaý saýlawlarynyň geçirilmegi bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara çäreleriň geçiriljek merkezlerine baryp gördi