JEMGYÝET

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda «Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň» binasynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.

Mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň we Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, beýleki çagyrylanlar gatnaşdylar.

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.

Related posts

Täze we döwrebap lukmançylyk dikuçary satyn alyndy

Ata Watan Eserleri

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

Yılbaşı ağacının ışıkları yakıldı

vepa