BIZNES

Aşgabatda Global Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Amanow bilen Global Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory W. Dýukronyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda dünýä bazarlaryna gazyň iberilmeginiň ygtybarlylygyny üpjün etmegiň ähmiýetiniň artmagy, howpsuzlygy, diwersifikasiýany berkitmegiň we uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň bähbitlerine sebit energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem türkmen gazynyň eksport ugurlaryny giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmen tarapy halkara energetika düzümleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşykda Türkmenistanyň sebit we ählumumy energetika gün tertibini kemala getirmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki orny nygtaldy.

Related posts

Birža täzelikleri: owgan işewürleri suwuklandyrylan gaz satyn aldylar

TSTB şu gün 13 ýaşady

«Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlary gurlar