SPORT

“Arkadag” topary Gyrgyzystanyň “Abdyş-Ata” toparyny ýeňdi

«Arkadag» futbol topary Birleşen Arap Emirliklerindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Gyrgyzystanyň “Abdyş-Ata” topary bilen duşuşdy.

Gyrgyz metbugatynyň habaryna görä, bu duşuşykda Türkmenistanyň çempiony 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Bu duşuşyk Wladimir Baýramowyň şägirtleri üçin 4-nji martda başlanjak täze möwsüme taýýarlygyň çäklerinde möhüm ädimleriň birine öwrüldi.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň çempiony Dubaýda geçirýän ýoldaşlyk duşuşyklarynda gowy netijeleri görkezdi. Topar Russiýanyň Premýer ligasynyň güýçli wekillerinden “Zenit” topary bilen deňme-deň, «Pari NN» toparyny bolsa, 2:1 hasabynda utupdy.

Related posts

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

«Ahal»-yň «Nasaf»-y utup bilmek mümkinçiligi nähili? 

2024-nji ýyl: sportda iň täsirli 50 zenan türgen

Ata Watan Eserleri