DÜNÝÄ

Akie Abe türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaby sowgat berildi

Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň maşgalasy hanym Akie Abe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşirini gowşurmak çäresi geçirildi.

Hanym Akie Abe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eserinde Sindzo Abe barada ýakymly ýatlamalar bilen beýan edilendigi üçin özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

Çäräniň dowamynda taraplar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseriniň ýapon dilinde neşir edilmeginiň Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka öwrülendigi barada bellediler.

Related posts

14 ýaşly professor

vepa

Türkmenistan bilen Russiýa täze ähtnamalara gol çekdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň  Türkmenistana sapary