DÜNÝÄ

Ak Tama täze metbugat sekretary gelýär

ABŞ-nyň Prezidentiniň metbugat sekretary Jen Psaki 13-nji maýda wezipesini tabşyrýar. Onuň ýerine orunbasary Karin Žan-Pýer bellenýär. Bu barada Ak Tamyň beren beýanatynda bellenilip geçilýär.

“Karin diňe bir beýle kyn iş üçin zerur tejribe, zehin we dogruçyllyk getirmek bilen çäklenmän, Baýden-Harris administrasiýasynyň Amerikan halkynyň adyndan alyp barýan işleri barada maglumat ýaýratmagyna-da ýolbaşçylyk eder” -diýip, Ak Tamyň beýanatynda bellenilýär.

Prezident Jo Baýden Jen Psakä metbugat sekretary wezipesinde işlän döwründäki tejribeligi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Häzirki wagtda Karin Žan-Pýer metbugat sekretarynyň uly orunbasary, Prezidentiň kömekçisiniň orunbasary wezipesini alyp barýar. Ol ozaldan bäri Baýdeniň toparynda işleýär. Karin ozal, “NBC” we “MSNBC” teleýaýlymlarynda işläp, uly tejribä eýedir.

 

Gwardiola uly ynam bildirilýär

Related posts

1-nji oktýabr – bütindünýä kofe güni

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi

Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Türkmenistana sapary guralar