DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň söwda boýunça federal ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamow Pakistan Yslam Respublikasynyň Söwda boýunça federal ministri Jam Kamal Han bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitara söwda geçelgeleriniň, logistika baglanyşygynyň hem-de Päkistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň barha artýan ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Gepleşiklerde söwda ugurlaryny giňeltmek, harytlaryň bökdençsiz daşalmagyny ýeňilleşdirmek we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gönümel hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, infrastruktura taslamalaryny ilerletmäge, şeýle hem işewürlik forumlary, söwda sergileri we söwda-senagat edaralary arkaly gatnaşyklary dowam etdirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar söwda, logistika we energetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Related posts

Nobatçy notarius hyzmatlary täzeden başlaýar

Ata Watan Eserleri

“Merkezi Aziýa – Russiýa”: daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Si Szinpin Özbegistana döwlet sapary bilen barýar

Ata Watan Eserleri